DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragy Ženewada tanyşdyryldy

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ženewadaky Milletleriň köşgüniň binasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumat berýän QR kod ýerleşdirilen ýörite banner oturdyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy fewralynda Adam hukuklary boýunça Geňeşiň 55-nji sessiýasy agzalan banneriň oturdylan binasynda öz işine başlady. Bu çäräniň işine BMG-niň Baş sekretary A.Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidenti D.Frensis, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden wise-prezidentler, wise-premýerler, ministrler we beýleki resmi wekilleriň derejesinde 125-den gowrak wekiliýet gatnaşýar.

Hemişelik wekilhana tarapyndan gurnalan maglumat stendiniň bu çärä gatnaşýan daşary ýurt wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma eýe bolandygyny bellemek gerek.

Related posts

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler