DÜNÝÄ

Buz gämileri Antraktidadan dolandylar

Hytaýa degişli buz gämileri Antraktidada geçiren 36-njy barlag ekspedisiýasyny tamamlap, Watanyna dolandylar. Bu barada «Silkroadnews» agentliginiň habarynda aýdylýar.

198 günde 70 müň deňiz milini geçen «Sýuelun» we «Sýuelun ― 2» («Gar aždarhasy» we «Gar aždarhasy ― 2») buz gämileri Şanhaýdaky porta gelip durdular.  Gämilerdäki alymlar ekspedisiýanyň dowamynda ylmy tabşyryklaryň 62-sini amala aşyrdylar.

Ýeri gelende, «Sýuelun ― 2-niň» has kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendigini aýratyn aýtmak gerek. Ol Hytaý tarapyndan işlenip düzülen ilkinji ylmy-gözegçilik buz gämisidir. Şu gezekki ekspedisiýa onuň tehniki we tehnologiki mümkinçilikleriniň aňrybaş derejededigini görkezdi.

Related posts

Özbegistan kiçi we orta tekeleçilige 10 milliard dollar gönükdirýär

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyňdaky Özbegistanyň ilçisi Aşgabadyň häkimi bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maslahatlaşdy