BILIM

Onlaýn okuw maslahaty geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň žurnalistika hünärinde okaýan talyplar 24-27-nji maý aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda žurnalistika boýunça halkara bilermen Marek Bekerman talyplara žurnalistika ugrundan sapak berdi. Žurnalistikanyň taryhy, onuň häzirki döwürdäki ösüşi, sanly ulgamyň esasynda žurnalistikanyň işiniň ýola goýluşy baradaky temalar onlaýn okuw maslahatynyň esasyny düzdi. Okuw maslahatynyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjy talyplara ÝHHG-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň şahadatnamalary gowşuryldy.

Maksat  Taganow,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Bäherden etrabynda täze çagalar bagy açyldy

Pekindäki mekdeplerde emeli intellekt boýunça hökmany sapaklar girizildi

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

Ýol hereketiniň howpsuzlygy: Aşgabatda okuwçylar üçin amaly-tejribe okuwy guraldy

Ata Watan Eserleri

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi