SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropada täze kesel – maýmyn mama keseli möwç alýar

Dünýäde gün-günden ýaýraýan we uly howsala sebäp bolan “monkeypox” maýmyn mama keseli diýlip atlandyrylan täze kesel bilen bagly maglumatlar gelip gowuşýär.

Şol maglumatlara görä, bu kesel Antwerp şäherinde 4 günläp geçirilen “Darklands” diýlip atlandyrylan festiwaldan ýaýrandygy takmyn edilýär. Bu kesel ilkinji gezek 7-nji maý güni Angliýada görlüpdi. Ondan bäri geçen 2 hepdede kesel Ýewropanyň 8 ýurduna ýaýrady.

Häzirki wagtda Ýewropada täze wirusa 100 adamyň ýolugandygy habar berilýär. Bu kesele ýoluganlaryň sany Angliýada 11-e, Ispaniýada 14-e ýetdi. ABŞ, Kanada, Belgiýa, Fransiýa, Portugaliýa, Italiýa, Germaniýa, Awstraliýa, Ysraýyl ýaly döwletler hem bu kesele ýolugan adamlaryň bardygyny tassykladylar.

Bu kesel adama, esasan, bedeniň üsti bilen geçýändigini, bu kesel bilen kesellänlerde ýokary derejede gyzzyrma we gaşandyrýan gabarjyklaryň peýda bolýandygyny lukmanlar aýdýarlar.

 

 

Suw hakynda 15 hakykat

Related posts

Täze okuw ýyly: öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çäreleri

Ata Watan Eserleri

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Maýmyn mama keseli 93 ýurtda hasaba alyndy

Ata Watan Eserleri