SPORT

Ýol welosport boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Ýol welosport boýunça Aziýa çempionatyna badalga berilýär. Oňa Aziýa yklymyndan köp sanly türgenler gatnaşýar.

Aziýa çempionaty 29-njy marta çenli dowam eder. Ol tomusky Aziýa oýunlary üçin möhüm tapgyr bolup durýar. Tomusky Aziýa oýunlarynyň şu ýyl Hytaýda geçirilmegine garaşylýar.

Täjigistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň habar bermegine görä, 6 gün dowam edýän ýaryşlaryň çäklerinde Aziýa Welosport Konfederasiýasynyň mejlisi hem geçiriler.

Bu çempionata 27 döwletden 428 türgen gatnaşýar. Türgenler 3 kategoriýa bölünýär: 19 ýaşdan 23 ýaşa çenli, uly ýaşly türgenler we mümkinçilikleri çäkli türgenler.

Umuman alanyňda, ýaryş 6 ugur boýunça erkekler we aýallaryň arasynda geçiriler.

 

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Related posts

Çempionlar ligasynyň ýatdan çykmajak futbolçylary

Türkmenistanly türgen agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

96 ýyldan soňra ýene-de 5:0-lyk ýeňiş

Ata Watan Eserleri