BIZNES

Ýaponiýa “EKSPO-2025” sergisiniň tumaryny tanyşdyrdy

Osakadaky EKSPO-2025 tumary

“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk topary 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek halkara çäräniň resmi tumaryny tanyşdyrdy.

Tumarda “EKSPO-2025” nyşanynyň ideýasyny suwdan ýasalan adaty bolmadyk jandaryň eline berdiler.

Guramaçylyk komiteti tumaryň bezeg şekilleri köp sanly hödürlenen şekilleriň arasynda ses berlişik gurnamak arkaly seçilip alnandygyny mälim etdi.

“Resmi nyşanymyza eýerip, bu gahrymanyň Osakanyň we Bütindünýä sergisiniň nyşany hökmünde bütin dünýäde tanalmagyna we söýülmegine umyt baglaýarys” diýlip, guramaçylyk komitetiniň beýanatynda bellenilýär.

Bütindünýä sergisi 1851-nji ýyldan bäri geçirilýär we iň täze üstünlikleri hem-de tehnologiýalary hödürlemek üçin giň möçberli meýdança bolup durýar. 2020-nji ýylda Bütindünýä sergisi Dubaý şäherinde geçirilmek meýilleşdirilipdi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli onuň açylyş dabarasy 1 ýyl yza süýşürilip, 2021-nji ýylyň oktýabrynda açylypdy.

2025-nji ýylda halkara sergisini Osaka kabul etmäge taýýarlyk görýär.

 

Ärdogan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder