JEMGYÝET

Ärdogan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ruhubelentlik ýagdaýynda baharyň buşlukçysy Nowruz biziň umumy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň dowamatlygyny alamatlandyrýar. Biziň ýurtlarymyz gadymy medeniýetiň merkezleridir, şularda parahatçylyk, ynanyşmak we doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklary aýratyn ähmiýete eýedir.

Biziň halklarymyza ata-babalarymyzdan ruhubelentlik we ynsanperwerlik miras galdy. Olaryň esasyny bolsa, agzybirlik we jebislik düzýär. Nowruza mahsus bolan dost-doganlyk ruhunyň ählumumy möçberde häzirki döwürde ýeňil bolmadyk synaglary ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigini ynanýaryn.

Goý, Nowruz hemmelere parahat durmuş we bolçulyk eçilsin!

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna bolsa, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin!

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi

 

Related posts

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Dünýäniň iň uzyn zenany Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Iň meşhur 10 tehnologiýa brendi

vepa