JEMGYÝET

Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Bu resminamada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda hem-de halkara we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýratyn bellediler.

Related posts

Arkadag gazeti döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Leave a Comment