BIZNES

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz eksportunda öňdebaryjy

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna turba geçirijiler arkaly tebigy gaz eksportunda birinji orny eýelemegi dowam etdirýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaýa turba geçirijiler arkaly ýangyç ibermekde birinjiligi Türkmenistan eýeleýär. Şu ýylyň 10 aýynda 8,23 milliard dollar möçberinde tebigy gaz eksporty amala aşyryldy. Bu ugurda ikinji orunda Russiýa, üçünji orunda Mýanma (1,13 mlrd $), dördünji orunda Gazagystan (996.5 mln$) we bäşinji orunda Özbegistan (916.7 mln $) barýar.

Russiýanyň ýankwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberi 3,1 milliard dollara deň boldy.

Hytaý gaz pudagynda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýän 3 sany ugurdaş şahamçany öz içine alýar.

2021-nji ýylda Hytaýa 34 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny (D) Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça çekmek meýilleşdirilýär. Bu şahanyň gurulmagy bilen we gaz geçirijiniň taslama kuwwatyna çykarylmagy bilen Hytaýa ýyllyk iberilýän türkmen gazynyň ibermeleri 65 mlrd kub metre ýeter.

Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar