Gerekli önümler:
4 bulgur süýt
2 nahar çemçesi un
2 nahar çemçesi krahmal
1bulgur şeker tozy
1 sany ýumurtga
1 nahar çemçesi mesge
1 sany wanilin
1 sany kremşanti
1 käse süýt
Köke
Ýer tudanasy
Pisse
Kiwi
Banan
Taýýarlanyşy:
Ilki bilen, süýt, ýumurtga, şeker tozy, un, krahmaly uly gabyň içinde goşalyň we mikseriň kömegi bilen garyp, oduň üstünde goýalyň. Orta otda gaýnaýança garyşdyrmaly we soň otdan alyp, sowaýança garaşalyň. Geliň, ilkinji temperaturasyndan sowan garyndymyzyň içine mesge we wanilin goşup garyşdyralyň. Garyndymyzyň üstüni torba bilen ýapyp, sowadyjyda 2-3 sagat saklamaly. Başga bir gapda kremşanti bilen süýdi garyşdyralyň. Sowadyjydan çykaran garyndymyzyň içine goşup, çemçe bilen üst-aşaklygyna garalyň. Ezilen pissämizi hem-de kökelerimizi bir bulgura ýerleşdireliň we gyralaryna ýer tudanasyny, kiwini, banany goýalyň. Islegiňize görä bezäp bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!