JEMGYÝET

Bekmyradow: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak dowam edýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy.

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň  gün tertibine laýyklykda,  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Agrar partiýasy  tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgäre Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli şahsyýetnamany  gowşurdy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýadyňyzda bolsa düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç  Berdimihamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy.

 

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi

Turkmentextile Expo-2026: dünýä derejesindäki moda sergisi guraldy

Türkiýäniň wise-prezidenti «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisine baryp gördi