JEMGYÝET

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.

Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýly ornuny has-da berkitdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dabaranyň dowamyndaky görkezen çykyşlary balkanly tomaşaçylaryň çäksiz hormatydyr söýgüsine mynasyp boldy. Sirk ussatlarynyň bedewleriň üstündäki sazlaşykly hereketleri, görkezen oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň üç müň orunlyk tomaşa zalyny dolduryp oturan janköýerleriň şatlyk-şowhunyny has belende galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi