BIZNES

Türkmenistan tebigy gazyny Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermekçi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, iş maslahatynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredowyň, Ş. Abdrahmanowyň we Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda nebitgaz we energetika pudaklaryndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça pikir alyşdy.

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler, hususan-da uglewodorod serişdeleriniň eskport edilýän möçberlerini artdyrmak babatda hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, täze eksport ugurlaryny açmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çaginden üstaşyr geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir, şol sanda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryna möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýuna zerur tagallalary etmelidir, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy, ýagny 83 milliard 772,9 million kubmetr tebigy gaz çykaryldy.

 

Türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat desgasy gurlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy