Daşoguz welaýat häkimligi Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän Daşoguz şäheriniň çägindäki jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk we inženerçilik ulgamlarynyň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 20-nji fewralyna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks belgisi: 9-30-85.