Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Berik Uali habar berdi.
Onuň bellemegine görä, 4-5-nji fewralda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Pekinde iş saparynda bolar. Tokaýew saparynyň barşynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
– Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidentiniň Hytaýyň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri göz öňünde tutulandyr – diýlip, metbugat sekretary “Facebook” jemgyýetçilik torunda habar berýär.
Tokaýewiň Hytaýa sapary 2022-nji ýyldaky ilkinji daşary ýurt sapary bolar.