DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Portugaliýada ÝHHG-niň Parlament assambleýasyna gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň arasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Ýurdumyzyň bu Gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlar boýunça ýyllyk meýilnamanyň esasynda alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Olaryň hatarynda:

2025-nji ýylyň 29-njy iýuny – 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçiriljek Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň 32-nji her ýylky mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we bu çäräniň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak;

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktorynyň çakylygyna laýyklykda bu Býuronyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, onuň işi bilen tanyşmak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 9-njy iýunynda türkmen wekiliýetini Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherine iş saparyna ibermek;

Şu ýylyň 18-19-njy iýuny aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Forumyna» türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Gurama bilen serhet howpsuzlygy boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny beýan etmek;

ÝHHG bilen bilelikde dawalaryň öňüni almak boýunça 2025-nji ýylyň 27–28-nji maýynda öňüni alyş diplomatiýasy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça sebitleýin maslahaty Aşgabat şäherinde guramak baradaky teklipler bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de ýurdumyzyň bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer