DÜNÝÄ

Mattarella täzeden Italiýanyň prezidenti boldy

Italiýanyň häzirki Prezidenti, 80 ýaşyndaky Seržo Mattarella ikinji möhlete saýlandy. Ýurduň parlamentinde prezident saýlawynyň 8-nji tapgyry geçirildi. Ozalky 7 tapgyrda Mattarelanyň oruntutaryny saýlamak başartmady.

8-nji tapgyrda ýurduň parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisindäki ses berlişikde parlament koalisiýasyna girýän partiýalaryň ses bermegine mümkinçilik berildi.

Seržo Mattarella 7 ýyllyk prezident möhleti tamamlanmadan wezipesini wagtlaýyn tabşyrmak şerti bilen dalaşgärligini täzeden görkezdi. Şeýlelikde, ol gaýtadan saýlandy.

Mundan ozal, Italiýanyň taryhynda prezident ikinji möhlete diňe bir gezek saýlanypdy.

Saýlanan Prezident 3-nji fewralda kasam kabul eder. Italiýanyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasyna laýyklykda, prezident parlament tarapyndan saýlanýar. Parlamentiň mejlisinde ýurduň 20 sebitiniň ähli delegatlary gatnaşýar.

Ses bermäge gatnaşýan 1009 saýlawçynyň – 630 sanysy deputat, 321-si senator we 58-si sebitleýin delegatlardyr.

Döwlet Baştutany gizlin ses bermek arkaly sesleriň üçden iki bölegini alan ýagdaýynda prezidentlige saýlanýar.

1983-nji ýylda Mattarella ilkinji gezek parlamentiň düzümine saýlandy. 1989-nji ýylda Julio Andreottiniň hökümetinde bilim ministri boldy.

Mattarella saýlaw kanunçylygynyň esasy awtorlarynyň biridir, şonuň üçin bu kanunçylyk namasy Mattarellanyň hormatyna “mattarellum” diýlip atlandyryldy.

Ol 2011-nji ýylda Konstitusion kazyýetiň kazylygyna saýlandy. 2015-nji ýylda bolsa, Italiýanyň 12-nji Prezidenti boldy.

“Awstraliýa Açyk”: 44 ýyldan soňra gazanylan üstünlik

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

Özbegistanyň Prezidenti Malaýziýada saparda bolar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar

ABŞ-da 2-nji uçar heläkçiligi