DÜNÝÄ

Wens 9-njy fewralda Ermenistanda saparda bolar

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens 9-njy fewralda Ermenistana baryp görer, indiki gün bolsa Azerbaýjana sapar eder.

Bu barada ermeni köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Habarda bellemegine görä, onuň Ermenistana saparyny taýýarlamak maksady bilen ABŞ-dan wekiliýet Ermenistana gelipdir. Wekiliýet Ermenistanda 2 hepde bolmagy meýilleşdirilýär.

Mundan ozal, Wensiň Italiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyşyndan soň Azerbaýjana we Ermenistana baryp görjekdigi barada habar berlipdi.

Related posts

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

IFAS Toplantısı 24 Ağustos’ta Avaza’da yapılacak

vepa

Prezident Ärdogan 3 iri halkara foruma gatnaşar