DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Russiýada resmi saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýurtda resmi saparda bolar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Moskwa şäherinde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşygy bolar. Şeýle hem özbek Lideri Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikler geçirer.

Öňde boljak duşuşyklaryň gün tertibine strategiki hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has çuňlaşdyrmak meseleleri girizildi. Esasan hem söwda-ykdysady, maýa goýumlary, migrasiýa we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berler.

Şeýle hem bu resmi saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Özbegistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasyna barar. Ol ýerde Tatarystanyň Baştutany bilen gepleşikler geçirer.

Related posts

Türkmenistan yine Guinness Rekorlar Kitabında

vepa

ABŞ-da tekjede 1 gamburger 5 ýyl saklandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy