DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçisi Baýram Baýramow bilen Şarja Söwda-senagat edarasy we Expo Centre Sharjah-yň başlygy Abdullah Sultan Al Owaisiň, şeýle hem ICC UAE-niň başlygy we BAE-nyň Palatalar federasiýasynyň Baş sekretary Humaid M. Ben Salemiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk işjeň we özara düşünişmek ýagdaýynda geçip, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklanyldy. 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şarja şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we BAE-nyň arasyndaky II işewürler forumynyň netijelerine ýokary baha berildi. Bu çäre işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary berkitmäge we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berdi.

Taraplar III Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabat şäherinde iri halkara sergiler, ýagny «Turkmentravel 2026», «Agro Pack Turkmenistan 2026» ýa-da «Turkmentextile Expo 2026» bilen utgaşykly geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle çemeleşme emirlik kompaniýalarynyň giňişleýin gatnaşmagyna we goşmaça netijelilige şert döredip biler. Emirlik tarapy forumyň möhletleri we görnüşi boýunça teklipleri taýýarlamaga taýýardygyny beýan etdi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylda Expo Centre Sharjah-da geçiriljek «Hive Furniture Show» sergisine türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagy, şol sanda milli haly, dokma önümleri we halk amaly-haşam sungatyny görkezýän milli pawilýony guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-senagat edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder