DÜNÝÄ

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Beýik Britaniýanyň “Financial Times” neşiri ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy ýylyň şahsyýeti yglan edildi.

Bu neşir geçen ýyl “Ýylyň şahsyýeti” derejesini Daniýanyň “Novo Nordisk” farmasewtika kompaniýasynyň başlygy Lars Ýorgenseni yglan edipdi.

Iňlis neşiri tarapyndna Tramp 2016-njy ýylda hem bu ada eýe bolupdy.

2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ABŞ-nyň Prezidenti bolan Tramp 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazandy.

Dört ýyllyk arakesmeden soň Ak Tama dolanyp gelen Grower Kliwlendden (1885-1889 we 1893-1897-nji ýyllarda ABŞ-nyň prezidenti) soňra ikinji ABŞ-nyň syýasatçysy boldy.

Birnäçe gün mundan ozal “Time” žurnaly hem Donald Trampy ikinji gezek “Ýylyň adamy” diýlip yglan etdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Eýranda Prezident saýlawlary

Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni halkara maslahat geçiriler

Ata Watan Eserleri