BILIM

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bilim ulgamynda möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda:

  • Türkmen döwlet binagärlik­-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bu Ähtnamalar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Malaýziýanyň abraýly uniwersitetleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder.

Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar.

Related posts

Açyk gapylar:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Ata Watan Eserleri

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda pars şygryýeti we edebiýaty çäresi geçirildi