DÜNÝÄ

Simge we Edis Arkadag şäherinde konsert berdi

Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň çykyş etmegi baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini has-da artdyryp, oňa gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Daşary ýurtly aýdymlaryň hatarynda doglanlyk Türkiýe Respublikasynyň meşhur aýdymçylary hem bar. Olar Simge Sagyn we Edis Görgülü.

Meşhur aýdymçy hem-de kompozitor Simge Sagyn Arkadag şäherindäki konsertde özüniň meşhur aýdymlary bilen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol aýdym-saz muşdaklaryna meşhur bolan «Miş Miş», «Yankı», «Ben Bazen», «Öpücem» ýaly birnäçe aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Köp sanly abraýly baýraklaryň eýesi bolan Simge Sagyn «Altın Kelebek» we Radio Boğaziçi Music Awards ýaly bäsleşikleriň ýeňijisidir.

Şeýle hem Arkadag şäherindäki baýramçylyk dabarasynda Edis Görgülü hem özüniň meşhur aýdymçylary bilen çykyş etdi. “Roman”, “Martılar”, “Nirvana” we “Yalancı” ýaly aýdymlary bilen uly meşhurlyk gazanan aýdymçy Edisiň aýdymlary dürli aýdym-saz meýdançalarynda millionlarça gezek diňlenildi.

Türk hem-de beýleki döwletleriň aýdymçylarynyň türkmen sungat ussatlary bilen bilelikde geçiren konsert maksatnamasy şäheriň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak pursatlar döretdi.

Related posts

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Hazar Denizi ile Karadeniz’i bağlayacak ulaştırma güzergahı kuruluyor

vepa