DÜNÝÄ

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gyzy Saida Mirziýoýewa täze wezipä eýe boldy.
– Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň permany bilen Prezident administrasiýasynyň gurluşyna üýtgeşmeler girizilip, Prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesi girizildi. “Özbegistan Respublikasynyň Prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesine Mirziýoýewa Saida Şawkatowna bellendi” diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow aýtdy.
S.Mirziýoýewa Daşkendiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetini tamamlady, şeýle-de Daşkentiň döwlet hukuk uniwersitetiniň we Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň magistri we ykdysady ylymlaryň kandidatydyr.
2023-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Saida Mirziýoýewa Prezidentiň kömekçisi wezipesini ýerine ýetirýärdi we ondan ozal, 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Prezident administrasiýasynyň ýerine ýetiriji diwanynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty pudagyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary