DÜNÝÄ

Zenanlar hökmany harby gulluga çagyrylar

Latwiýa 2028-nji ýyldan zenanlary harby gullugy çagyryp başlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň goranmak ministri Andris Spruds belläp geçdi.

– Elbetde, bu şu gün ýa-da ertir bolmaz – diýip, ministr belleýär. Latwiýanyň metbugatynyň habar bermegine görä, Spruds munuň üçin amatly wagtyň 2028-nji ýyl bolmagy mümkin. Şoňa çenli ýurduň hökümeti çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň sanyny ýylda 4 müňe ýetirmegi meýilleşdirýär.

Şol döwre çenli ýurduň hökümeti birnäçe taýýarlyk işlerini geçirmeli bolar. Munuň üçun syýasy geňeşmeler geçiriler. Soňra harby gulluga çagyrylýan zenanlar üçin egin-eşik we harby enjamlaryň gory dörediler.

Latwiýanyň daşary işler ministri Baýba Braže zenanlary hökmany harby gulluga çagyrmak başlangyjy goldap çykyş etdi. Ministr “hökmany” sözi belki ters düşünilmeginiň mümkindigini belläp, zenanlaryň hökmany harby borçlulygynyň hemmelere peýda getirjekdigini belledi.

Related posts

Özbegistan bilen Germaniýa täze bilelikdäki taslamalara badalga berdiler

Palestina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» güwänamasy gowşuryldy