TEHNOLOGIÝA

Täze “iPhone” 10-njy sentýabrda tanyşdyrylar

Amerikanyň “Apple Inc.” kompaniýasy şu ýylyň 10-njy sentýabrynda täze “iPhone” kysymly smartfonyny, “akylly” sagatlaryny we “AirPods” gulaklyklaryny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Kompaniýa ýokarda agzalýan senede tanyşdyrylyş çäresini gurnap, 20-nji sentýabrda bolsa täze smartfonlaryň önümçiligine girişmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem “Apple” kompaniýasy “M4” prosessorly “Mac” model 4 sany noutbuklarynyň hem synag işlerini işjeňleşdirdi.

Adatça, noutbuklar “iPhone” smartfonlaryndan bir aýdan soňra satuwa çykarylýar.

Related posts

“Infinix Zero 8”: tapawutly aýraýtynlygy selfi kamerasy

Awstraliýa “hemişelik” hereketlendirijili otly döreder

«Sanly ulgam» Türkmenistanda ilkinji «Akylly öý» taslamasyny taýýarlady