TEHNOLOGIÝA

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdoganyň planşet ekranyndaky düwmä basmagy bilen Türkiýede 5G tehnologiýasyna geçildi. 4,5G tehnologiýasyndan soň, ýurt möçberinde 5G döwri başlady.

Ýurduň 5G-ä geçmegi, Prezident Rejep Taýýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Prezident köşgünde geçirilen dabarada resmi taýdan yglan edildi. Şeýlelikde, 5G hyzmaty şu günden başlap ýurt derejesinde işe girizildi.

5G tehnologiýasy 81 welaýat merkezinde ulanylmaga hödürlenen bolsa, bu tehnologiýanyň iki ýylyň dowamynda ýurduň ähli nokadyna ýaýradylmagy maksat edinilýär. Bu hyzmatyň işe girizilmegi bilen, ýurduň 32 ýyllyk mobil aragatnaşyk ýolunda möhüm sepgide ýetildi. 5G tehnologiýasy 4,5G-ä görä azyndan 10 esse ýokary tizlik bilen tapawutlanýar.

5G tehnologiýasy bilen akylly ulag ulgamlaryndan awtonom sürüşe, uzak aralykdan saglyk hyzmatlaryndan akylly zawodlara, ýokary durulykdaky media ýaýlymlaryndan oba hojalyk tehnologiýalaryna çenli köp sanly ugurda düýpli özgerişleriň bolmagyna garaşylýar.

Bu tizlik döwlet hyzmatlarynda hem netijeliligi artdyrar we işleri has çalt hem-de öndürijilikli ýagdaýa getirer.

Bu tehnologiýanyň iň uly tapawudy, tizligiň ýany bilen milisekunt derejesindäki pes gijigme we şol bir wagtda köp sanly enjamyň bökdençsiz birigip bilmegidir.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi