Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dollaryna barabar bolan ŞHS-ne kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir gorag äýneklerinden ybaratdyr. Bu serişdeler ýiti ýokanç kesellerine garşy durmagy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge dowam edýän goldawyň çäklerinde berildi. Bu barada guramanyň internet sahypasynda bellenilip geçildi.
«COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýänligi sebäpli, şahsy gorag serişdeleri keselleriň öňüni almagyň we olara garşy durmagyň möhüm bölegidir. Biz lukmanlaryň saglygyna jogapkärdiris» – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.
ÝUNISEF tutuş dünýäde pandemiýa döränden zerur lukmançylyk enjamlaryny we gigiýena serişdelerini almakda Türkmenistana goldaw berýär we ählumumy wehimi ýeňip geçmek üçin goldawy dowam etmäge taýýardygyny beýan edýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar üçin esasy sanjymlary getirmegiň ozaldan gelýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin «A» gepatite, möwsümleýin dümewe, garahassa we popilloma wirusyna garşy esasy sanjymlaryň 4-si getirildi. Munuň özi ÝUNISEF-iň 2021-nji ýylda sanjymlary satyn almak we getirmek hem-de ýurtda çagalaryň yzygiderli sanjymyny üpjün etmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmekdäki üçünji ýüküdir.
Sanjymlary we çykdajy serişdelerini satyn almak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirýär, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar ýurtda çagalara mugt sanjylýar. ÝUNISEF ýokary hilli, BSGG-niň deslapky barlaglaglaryndan geçen sanjymlary, şeýle hem sanjymlar we sowadyjylar üçin howpsuz enjamlary satyn almakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär.