SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

27-nji uçar gatnawy: türkmen talyplary Russiýa gitdiler

Birnäçe gün ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine 27-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, “S7” awiakompaniýasy nobatdaky 27-nji uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen “8536” belgili uçar gatnawyndan 199 ýolagçy peýdalandy. Olaryň arasynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň hem bardygy bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik tory arkaly birnäçe gün ozal, 19-njy noýabrda, ýagny şu gün amala aşyryljak sapar barada maglumat berlipdi. Biz hem okyjylarymyza bu barada gyzgyny bilen habar beripdik.

Ýörite uçar gatnawlary barada yzygiderli habar berşimiz ýaly, dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy sebäpli ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri yzygiderli ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

Golaýda, 12-nji noýabrda Türkmenabatdan Moskwa şäherine nobatdaky 26-njy ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” belgili gatnawyndan 173 ýolagçy peýdalanypdy.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem ýakyn wagtda ýörite uçar gatnawlarynyň 3-sini amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Ýörite uçar gatnawlary barada habarlardan habarly bolmak üçin “Atawatan TW Youtube” kanalymyzdan hem tomaşa edip bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri