BILIM

Ýaş habarçymyz bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 17-18-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda  ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik  5 sany ugur boýunça alnyp baryldy.

  1. Innowasion şäher
  2. Sanly bilim
  3. Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar
  4. Ýörite ugur
  5. Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşigiň netijesi şu gün belli boldy.

Bu bäsleşikde biziň ýaş habarçymyz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistraturasynyň magistranty Gülälek Söýeşowa “Sanly bilim” ugry boýunça gatnaşyp, 2-nji orna mynasyp boldy. Biz Gülälek Söýeşowanyň üstünlikleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.

 

27-nji uçar gatnawy: türkmen talyplary Russiýa gitdiler

Related posts

2024 ýyly boýunça diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri