BILIM

Türkmen okuwçylary bürünç medalyň eýeleri

Şu ýylyň iýul aýynyň 14 — 24-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň guramagynda onlaýn arkaly 62-nji Halkara matematika (IMO 2021) olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 107 döwletinden 619 okuwçy gatnaşdy. Bu abraýly halkara bäsleşige Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty­ň matematika mugallymy Arslan Hojiýewiň ýolbaşçylygynda saýlama mekdep okuwçylaryndan düzülen topar gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Goçmyradow, Aşgabat şäherindäki iň­lis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jennet Zamanowa we Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebi­ň 11-nji synp okuwçysy Nagym Taň­rygulyýew bürünç medala mynasyp boldular.

Şeýle-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty­ň 10-njy synp okuwçysy Emir Wellekow we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iň­lis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi­ň 11-nji synp okuwçysy Didar Gaýypow höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

* * *

Halkara biologiýa olimpiadasy şu ýyl iýul aýynyň 18 — 23-i aralygynda Portugaliýanyň Lissabon şäherinde onlaýn arkaly geçirildi. Oňa 76 ýurtdan 304 okuwçy gatnaşdy.

Bu abraýly halkara olimpiada ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan düzülen topara Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Berdimyrat Ýazhanow ýolbaşçylyk etdi.

Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki iň­lis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hoşgeldi Hallaýew bürünç medala, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýlar Begenjowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepinternaty­ň 11-nji synp okuwçysy Azat Meredow höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

 

Tokio-2020: 25 ýyldan soňra altyn medal

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar