DÜNÝÄ

Iň uzak wagt dowam eden “Aý tutulma” hadysasy

ABŞ-da penşenbe gününden anna gününe geçilýän gije 6 asyryň iň uzak wagt dowan eden  “Aý tutulma” hadysasy bolup geçdi. Bu hadysa 2021-nji ýylyň iň soňky Aýyň tutulmak hadysasydyr. Mundan soň, şeýle hadysa 2022-nji ýylyň 16-njy maýynda bolup geçer.

ABŞ-nyň gündogar kenarynyň ýerli wagty bilen gije ýarysy 01:02-de başlan Aýyň tutulmak hadysasy 04:02-ä çenli dowam etdi we Aýyň 99 göterim doly tutulmak hadysasyna şaýat bolundy.

581 ýylyň iň uzyn Aý tutulmagy wagtynda Aýa dün­ýä­niň kö­le­ge­si düş­ýän­di­gi üçin Aýyň reň­ki gy­zyl bol­ýar. Şo­nuň üçin mu­ňa “gan­ly Aý” hem diý­ýär­ler.

Aýyň gan ýa­ly gy­zyl reňk­de bol­ma­gy köp­le­riň ün­sü­ni çek­di. Aýyň do­ly tu­tul­mak ha­dy­sa­sy dün­ýä­niň en­çe­me ýe­rin­den to­ma­şa edil­di.

 

Los-Anjelesde awtoulag sergisi geçirilýär

Ýene-de okaň

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler