DÜNÝÄ

Durmuşy hakynda film surata düşürer

Dünýä belli estrada ýyldyzy Madonna durmuş hekaýasyny beýan edýän bir film surata düşürer. Filmiň edebi esasy aýdymçy tarapyndan ýazylar. Madonna: “Aýdylmadyk we ylham beriji hekaýalar kän, olary menden kim has gowy aýdyp biler? – diýdi.

“Estrada aýdym-sazynyň Şa zenany” hökmünde tanalýan Madonna durmuşy barada film döretmäge häzirden taýynlanýar.

Amerikaly 62 ýaşly aýdymçynyň durmuşy barada filme özi režissýorlyk etjekdigi we edebi esasyny bolsa Diablo Kodi bilen ýazjakdygy “Universal Pictures” tarapyndan tassyklandy.

Filmiň prodýuseri Emi Paskal, Sara Zambreno we Gaý Osiri ýerine ýetiriji prodýuser bolup hyzmat eder.

Film Madonnanyň Miçiganda katolik maşgalasynda terbiýelenenden tä Nýu-Ýorka göçmegi aralygyndaky wakalary öz içine alar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Related posts

Türkmenistan GDA-nyň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi