JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Şu gün Belarus Respublikasynyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi onlaýn tertibinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlise Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory Sergeý Lebedew dagylar bu sammitiň işine gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has ýokary basgançaklara ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriň alnyp barşyna ýokary baha berdiler.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýlar babatda pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanlary GDA-nyň howandarlygynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmegi babatda başlangyçlar orta atylyp, bu barada derwaýys pikir alyşmalar geçirildi.

Ýokary derejedäki sammitiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesi kabul edildi.

Şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Ýokary kazyýet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşini döretmek hakyndaky ylalaşygy tassykladylar.

Bu geňeşiň döredilmegi, kazyýet işlerinde döwletleriň arasynda tejribe alyşmagyň netijeliligini ýokarlandyrar we kanunçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Bulardan başga-da, 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni şäheir derejesine Moldowanyň Komrat şäheri eýe boldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi degişli çözgüt kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Arkalaşygynyň medeni paýtagty wezipesini Täjigistanyň Duşanbe şäheri alyp bardy. 2022-nji ýylda bu derejä Karakol şäheri mynasyp boldy.

GDA-nyň döwlet Baştutanlary migrasiýa hem-de biologiki howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky beýannamany hem kabul etdiler.

2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasynyň paýyna düşýär.

2022-nji ýyl GDA-nyň çäklerinde halk döredijiligi we medeni mirasy ýyly diýlip yglan edildi, bu ýylyň çäginde 100-e golaý çäre geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de 4 halkara uçar gatnawy meýilleşdirilýär

 

Türkmenistandan Russiýa 23-nji ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy