SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ilkinji saç üçin niýetlenen boýaglar haçan oýlanyp tapyldy?

Häzirki wagtda saç boýamak zenanlar üçin esasy zatlaryň biri bolup durýar. Boýaglar saçlaryň reňkini üýtgedýän bolsa, saçboýaglary oýlap tapmak ak saçlary boýamak üçin esasy edilen işleriň biridir. Saçynyň reňkini üýtgedip, has-da gözel görünmek zenanlaryň hemmesinde diýen ýaly mahsus. Geçen asyrlar täjirler hyna, basmadyr sürme ýaly boýaglary “beýik ýüpek ýolunyň” üsti bilen Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Özbegistanyň bol bazarlaryndan getiripdirler. Bu tebigy boýaglar häzirki zaman  himiki boýag serişdelerinden tapawutlylykda, saçyň düýbüni berkidýär, ony iýnitlendirip, ýüpek ýaly ýumşak edýär.

Häzirki wagtda saç boýamaklygyň taryhyna ser salsak, boýaglar taryhda haçan we nähili ýüze çykypdyr diýen soraglar döreýär.

1800-nji ýylda himikler tarapyndan  himiki bir madda oýlanyp tapylýar.  Bu ýyllarda başlanylan işler, 1860-njy ýylda ýola goýulýar.Şeýlelikde tapylan maddanyň saç boýag üçin ulanyp boljakdygy göz öňüne tutulyp, saçy agartmak üçin hem ýörite maddalar tapylýar. Boýaglary döretmegiň esasy başlangyjyny Eugene Sçuller goýýar.

1932-nji ýylda himik L.Gelb tarapyndan  saçy  sary reňke boýamagyň görnüşi döredildi.

 

4-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar