MEDENIÝET

Şa zenanyň bilezikleri auksiona çykarylar

“Christie” auksion öýi, Lýudowik XVI aýaly şa zenany Mariýa Antuannette degişli bolan iki sany göwher bilezigi Ženewada satuwa çykarar.

Auksion 9-njy noýabrda geçiriler. Şaý-sepleriň takmynan bahasy üç million ýedi ýüz müň ýewro barabardyr, ýöne auksionyň netijesinde başlangyç mukdaryň birnäçe esse köp bolmagyna garaşylýar. Bilezikleriň her biri bir monjuga birleşdirilip bilinjek üç hatar göwher bilen bezelendir.

“Christie” auksion öýüniň hünärmeni Mari-Sesile Sisamolo: “Bärde diňe bir göwher bilezikleriň ajaýyp bolmagy däl, eýsem Mariýa Antuannetteniň özi bu bilezikleri bilegine dakmagy esasy orny eýeleýär.” diýip beýan edýär.

Mariýa Antuannetteniň bilezikleri 1776-njy ýylda Pariždäki zergär Çarlz Ogýust Býemeriň 250 müň liwr sargyt edipdir. XVIII asyrda bu mukdar gaty köp diýip hasaplanylýardy.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-instituty-ondebaryjy-uniwersitetlerin-sanawynda/

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar