MEDENIÝET

Türkmenistan Azerbaýjandaky halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Azerbaýjanyň Baku we Şuşa şäherilerinde şu ýylyň 31-nji oktýabry-4-nji noýabry aralygynda TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry gatnaşar.

Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu teatr festiwaly Azerbaýjanyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna, 2023-nji ýylda Şuşanyň “Türki dünýäsiniň medneiýet paýtagty” diýlip yglan edilmegine,Azerbaýjanyň milli teatrynyň 150 ýyllyk ýübileýine hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Bu teatr festiwalyna TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň teatr wekilleri gatnaşar: olaryň hatarynda Özbegistanyň Samarkant oblastynyň Hamid Alinjan adyndaky sazly drama teatry, Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul oblastynyň Kasymali Žantoşewa adyndaky sazly drama teatry, Gazagystanyň Türkesten sazly drama teatry, Türkiýäniň Stambul döwlet teatry we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry bar.

Forumyň çäklerinde Şuşa şäherinde TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 9-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy