Injir tohumy ýagy saçlara ideg üçin örän täsirlidir. Saçlary has güýçli we öwüşgünli görkezýär. Ondaky witaminleriň kömegi bilen gurak saçlaryň çyglylygyny ýokarlandyrýar.
Injir tohumy ýagyny saç üçin nädip ulanmaly?
Eliňize guýan şampunyňyza bir damja injir tohumy ýagyny goşup, saçyňyzy şampunlap bilersiňiz şeýlelikde saçyňyzy öwüşgünli, sagdyn we ýumşaklygynyň netijeligini görersiňiz.
Şu nukdaýnazardan injir tohumynyň ýagynyň peýdalary hakynda makalamyzda jikme-jik öwrenilýär.
Bu ajaýyp ýagy has netijeli ulanyp bilersiňiz.
Injir tohumynyň ýagy ellere, dodaklara we bedeniň beýleki ýerlerinde dörän guraklyga jaýrylmalara kömek edip bilýär. Injir tohumy ýagy gerpes we düwürtik üçin hem ulanylyp bilner. Gerpesleri çalt bejerýän bu injir tohumynyň ýagy, düwürtik döredýän mikroblaryň ýok bolmagyny üpjün edýär. Bu ýagda immune ulgamyny güýçlendiriji maddalar bar. Içegäniň saglygyny saklamaga kömek edýär. Bedende düwnük öýjükleriniň ýaýramagyny peseldýär. Injir tohumynyň ýagy, rak keseliniň bedene ýaýramagynyň öňüni alýar. Bulardan başga-da, injir tohumynyň ýagy deride ýüze çykyp biljek beýleki keselleri üçin hünärmenleriň maslahaty bilen peýdalanyp bilersiňiz.
Injir tohumy ýagyny nädip ulanmaly?
Injir tohumy ýagy, beýleki ýaglaryň köpüsi ýaly, içmek arkaly sarp edilip bilner. Günde iň köp 1 çaý çemçesi içip bilersiňiz. Injir tohumy ýagyny salatlarda ýa-da suwa goşup hem bolýar. Injir tohumynyň ýagyny sarp etmek hünärmenleriň maslahatyna laýyk bolmalydyr. Artykmaç sarp edilmezlik we belli bir derejeden ýokary bolmaly däldir.
Injir tohumy ýagynyň haýsydyr bir täsiri barmy?
Gözlegleriň netijesinde injir tohumy ýagynyň goşmaça zyýany ýa-da zyýanly täsiri tapylmady. Injir tohumy ýagyny ilkinji gezek ulanýan bolsaňyz, allergiki reaksiýa synagy üçin ilki bilen biliňize sürtüp bilersiňiz. 10 minut garaşanyňyzdan soň gyzarma ýa-da gijilewik bar bolsa, bu allergiki reaksiýanyň ýüze çykandygyny aňladýar.
Seýrek bolsa-da, garaşylmadyk ýaramaz täsirleri käbir ýagdaýlarda görmek bolýar. Şeýle täsirler görlende derrew lukmana ýüz tutmalydyr.
Muhat Amandurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby
Türkmenistan-Ãewropa BileleÅŸigi iÅŸewürler geňeÅŸi dörediler