Gündogaryň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen Aşgabat hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, dünýäde arassa we owadan şäherleriň birine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabat esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden belleýär.
Aşgabat ak binalaryň mesgeni. Häzirki döwürde ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede has-da özgerýär. Baş şäherimizde bina edilýän durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy ösýär. Bu ýerde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn giň gerimli özgertmeler esasynda gözel Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher hem-de möhüm ykdysady merkez hökmünde tanalýar.
Aşgabat ak mermerli binalary bilen bir hatarda, şöhratly halkymyzyň milli gymmatlyklaryny alamatlandyrýan ruhy galkynyşy özünde birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly we döwrebap ösüp, özgerýän şäherdir. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda gurulýan binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alýar. Munuň özi baş şäherimizde özboluşly binagärlik gurşawynyň kemala gelendigini hem-de hasam ösýändigini bütin dünýä doly äşgär edýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýram edilip, şäheri has-da ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu taryhy sene mynasybetli dürli medeni we köpçülikleýin çäreler — «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХ halkara köpugurly sergi, «Aşgabat — Ginnesiň rekordlar kitabynda» atly dabaraly maslahat, halkara onlaýn duşuşyklar guralar. Şeýle hem häzirki wagtda döredijilik bäsleşikleri, konsertler, media-forumlar, sport çäreleri yzygiderli geçiriler. Aşgabadyň gününiň öň ýanynda bolsa, «Aşgabat bahary» gysga göwrümli çeper filmleriň festiwaly jemleniler. Bu çäreleriň geçirilmeginiň özi paýtagtymyzyň gözelliklerini, ýeten sepgitlerini hem-de onuň dürli ulgamlardaky ägirt uly mümkinçiligini beýan eder, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň giň gerimini açyp görkezmäge mümkinçilik berer.
Gadam KAZAKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy.