Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Döwletliler köşgüniň bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän çagalaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu çäre şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýdyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän, sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna welosipedleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly, durmuşa höwesli bolup ýetişmegine itergi berer.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda-da Milli Liderimiz çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde özüne sowgat berlen welosipedleri Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşurypdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr.
