JEMGYÝET

Mary welaýatyndaky baýramçylyk dabaralary

Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi.

Atçylyk sport toplumynyň çäklerine girilýän merkezi girelgeden başlap, onuň iki tarapynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.

Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.

  • 1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Mähek diýen bedewini çapan B.Mämmedow ýeňiji boldy.
  • Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1200 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.
  • Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Beglerim (çapyksuwary B.Begliýew) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gaýra diýen at (“Türkmengaz” döwlet konserni, çapyksuwary I.Tirkeşbaýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gardaşym diýen at (Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, çapyksuwary B.Berdimuhammedow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Keýmir diýen bedew (Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligi, çapyksuwary M.Tejenow), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Dorbürgüt diýen at (“Marygazüpjünçilik” kärhanasy, çapyksuwary B.Agamyradow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Leýlisaç diýen bedew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, çapyksuwary B.Babalyýew) pellehana ilkinji bolup geldiler.
  • Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer