SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Bileleşigi ýene-de bir sanjymy bellige aldy

Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşiginde ulanylmagy üçin ABŞ-nyň “ohnson & Johnson” korporasiýasynyň Belgiýadaky “Janssen” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymyny bellige aldy. Bu baradaky karary Ýewropa derman serişdeleri gullugy sanjymy bellige almagy maslahat bereninden gysga wagt soň kabul edildi.

Bu bir gezeklik sanjymy, 18 ýaşdan uly adamlara sanjym etmek maslahat berilýär. Onuň täsirliligi 67% -e deňdir. Bu sanjym ÝB-de ulanmak üçin tassyklanan dördünji koronawirus garşy sanjym boldy.

Mundan ozal, “Moderna”, “AstraZeneca”  we “Pfizer” kompaniýalarynyň sanjymlary bellige alnypdy.

ÝB hakykatdanam “Covid-19” pandemiýasyna garşy köp sanly sanjymyna mätäçlik çekýär. Şu wagta çenli ilatynyň diňe 6,1% -ine sanjym edildi.

 

Hususy dermanhanalaryň telefon belgisi we salgysy

 

Related posts

Gara çaý beýniniň işine oňyn täsir edýär

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Daşary ýurt uçarlary Türkmenabadyň howa menziliniň hyzmatyndan peýdalanýar

Ata Watan Eserleri