SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gara çaý beýniniň işine oňyn täsir edýär

Hytaýly alymlar gara çaýyň beýniniň aň-bilim ukybyna oňyn täsir edýär diýen netijä geldiler. bu barada “The Daily Mail” neşiri habar berýär.

Bu ugurdaky ylmy-barlag işine 100 töweregi adam gatnaşdy. Olary iki topara böldüler. Bir topara diňe suw, beýleki topara bolsa çaý berdiler. Soňra olara dürli çylşyrymlykdaky tapmaçalaryň jogabyny tapmak teklip edildi.

Aalymlar döredijilikli ýumuşlara çaý içen adamlaryň has dogry çemeleşendigini belläp geçdiler. Şeýlelikde, çaýyň akyl taýdan işjeňligi gowulandyrýandygy mälim edildi. ylmy-barlagyň görkezne netijesine görä, çaý içen adamlaryň az ýadawlyk duýup, meseläni ahyryna çenli tamamlamaga has köp gyzyklanma bildirendigi bellenildi.

Şeýle hem alymlar çaýyň adamyň ömür dowamlylygyna hem oňyn täsirini ýetirýändigini belleýärler.

 

Braziliýa-Argentina duşuşygy yza süýşürildi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär