Taryhy nukdaýnazardan seredilende, ykdysadyýetiň agramly bölegi erkek adamlara degişlidi. Emma 1980-nji ýyllarda bu tendensiýa üýtgäp başlady. Zenanlar dünýäniň iri banklarynda we maliýe guramalarynda wezipeli ýerlerde zähmet çekip başladylar . XX asyryň ahyrynda ykdysatçy zenanlaryň sosial we ykdysady gatlaklarda alyp barýan işleri ep-esli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, olaryň käbirleri öňdebaryjy işewürlik žurnallary bilen hem hyzmatdaşlygy saklap başladylar we ykdysadyýet barada birnäçe kitaplary okyjylara hödürlediler. XX asyryň ahyryndan bäri erkekleriň agdyklyk edýän maliýe pudagynda zenanlaryň orny ep-esli üýtgedi we olar erkek ykdysatçylaryň ornuny tutdylar.
Aleksa fon Tobel (ABŞ, 1984-nji ýylda doglan) – ýaş ykdysatçy we telekeçi. Ol abraýly Garward Biznes mekdebini tamamlady we Amerikanyň maýa goýum banky bolan Morgan Stenlide bir bölümiň söwdegäri hökmünde oňat tejribe toplady. 2006-njy ýylda bary-ýogy 22 ýaşyndaky Aleksa fon Tobel şahsy çykdajylara we öý hyzmatyna gözegçilik etmek isleýän zenanlar üçin aňsat maliýe meýilnamalaşdyryş programma üpjünçiligini we onlaýn hyzmatlary hödürleýän “LearnVest.com” web sahypasyny döretdi. Ykdysatçy zenan Aleksa fon Tobel maliýe pudagynyň abraýly hünärmenlerinden biridir. Ol 2013-nji ýylyň dekabrynda “Maliýe gorkusy” atly kitabyny neşir etdi. Bu eser Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Kanadada kitabyň hiline baha bermekde iň abraýly çeşme hasaplanýan “New York Times” gazetiniň iň köp satylan kitaplarynyň sanawyna girizildi.
Dambiza Moýo (Zambiýa, 1969-njy ýylda doglan) – makroykdysadyýet we Afrikadaky AIDS-iň sosial-ykdysady täsiri boýunça ýöriteleşen ykdysatçysy, şeýle hem “Günbatar nädip heläk boldy: 50 ýyllyk ykdysady öňdengörüjilik we öňden gelýän ýowuz saýlawlar” (2011ý.) we “Ýeňiji hemmesini alýar: Hytaýyň baýlyklar ýaryşy we dünýä üçin manysy (2012ý.) atly kitaplaryň awtory. 2009-njy ýylda Amerikanyň “Time” žurnaly Moýony “Ýylyň iň täsirli 100 adamyň” sanawyna goşdy. 2013-nji ýylda Afrika ýurtlarynyň dürli ýurtlarynda hökümetiň gözegçiligindäki ykdysady syýasatlar boýunça gözlegleri üçin oňa “Haýek” ömürlik üstünlik baýragy (1974-nji ýylda Nobel baýragyny alan ilkinji ykdysatçy Fridrih fon Haýekiň ady bilen baglanyşykly baýrak) berildi.
Elwira Nabiullina (Russiýa, 1963-nji ýylda doglan) – Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Bankynyň başlygy. 2012-nji ýylyň maý aýyndan 2013-nji ýylyň iýun aýyna çenli Russiýa Federasiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ykdysady meseleler boýunça kömekçisi, 2007-2012-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri boldy. 2014-nji ýylda ABŞ-nyň “Forbes” žurnaly Nabiullinany “Dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň” sanawynda 72-nji ýerde, 2015-nji ýylda “Euromoney” halkara žurnaly tarapyndan daşary ýurtlarda rubly durnuklaşdyrmakdaky hyzmatlary üçin “Ýylyň iň gowy ýerine ýetiriji bankiri” diýlip yglan edildi.
Norina Herz (Beýik Britaniýa, 1967-nji ýylda doglan) – XXI asyryň ykdysady, geosyýasy we tehnologiki ugurlary boýunça kompaniýalara we hökümetlere maslahat berýän ykdysatçy, ýazyjy we radio we telewideniýe kommentatory. 1990-njy ýylda, eýýäm 23 ýaşynda Gerz Russiýa hökümetine ykdysady özgertmeler boýunça maslahat berýärdi we 1996-njy ýylda Ysraýyl, Müsür, Palestina we Iordaniýa hökümetleri bilen Ýakyn Gündogar ýurtlarynda parahatçylyk boýunça geňeşçi bolup işledi. 2013-nji ýylda Gerz “Bulaşyk dünýäde nädip akylly karar bermeli” atly amaly gollanmasyny çap etdi.
2007-nji ýylda islandiýaly telekeçiler Halla Tomasdottir we Kristin Petursdottir zenanlaryň akyl gymmatlyklaryny maliýe pudagyna girizmek maksady bilen “Audur Capital” hususy maliýe hyzmatlary kompaniýasyny döretdiler. Bu kompaniýa gury hasabat ýazmagy däl-de, maýadarlar bilen ýüzbe-ýüz görüşmek, az çykdajy bilen baýamak, töwekgelçiligi boýnuňa almak we ony öňünden görmek ýaly jogapkärçilikleri öz içine alýar. 2008-nji ýylda Islandiýa banklary çökgünlige duçar bolanda, “Audur Capital” ýurtdaky hasaplaryny saklamagy başaran ýeke-täk maliýe guramasydyr.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda aýallaryň ýokary jemgyýetçilik hukuk derejesi türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklar bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagy we aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllardan başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlar dürli ulgamlarda erkekler bilen bir hatarda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Bu günki günde türkmen zenanlarynyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda tutýan ornunyň has beýgelendigini-ýurdumyzyň iň ýokary guramasy-kanun çykaryjy edarasyndan başlap, ykdysatçy, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda zähmet çekýän, inžener-tehnolog, telekeçi, alym-professor zenanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagyny, zenan ýolbaşçylaryň sanynyň barha köpelýändigini guwançly bellemek bolar.
Elbetde, ähli zatlaryň sakasynda hormatly Arkadagymyzyň aladasy bar. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt ähmiýetli başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin.
Amanbibi BEGMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.