TEHNOLOGIÝA

Zarýad berýän robotlar dörediler

Soňky döwürlerde elektrikli awtoulag bazary ýokary derejede ösmäge başlady. Käbir ýurtlardaky awtoulag öndürjileri bu pudagy has hem ösdürmek isleýärler. Bularyň biri hem Germaniýanyň “Volkswagen” awtoulag kompaniýasy bolup durýar.

Umuman Germaniýada awtoulag pudagyna has gowy üns berilýär. Elektroulag infrastrukturasyna uly goşant goşmak babatda dürli taslamalar işlenip düzülýär. Ýaňy-ýakynda elektrik ulagy tehnologiýasyna uly maýa goýan “Volkswagen” kompaniýasy, ykjam zarýad beriji robotlaryň taslamasyny taýýarlady. Kompaniýanyň robotlary adam galtaşmazdan zarýad berip bilerler. Şeýle hem zarýad beriji roboty, ýörite programma arkaly hem ulanmak bolar. Awtoulagyň sürüjisi awtoduralgada programmanyň üsti bilen roboty çagyrýar, robot şol awtoulaga zarýad berýär we işini tamamlandan soňra, öz bellenilen ýerine baryp durýar. Ýöne bu robotyň ulanyşa haçan hödürlenjegi barada resmi habar berilmeýär, emma ýakyn ýyllarda bolup biler diýip çaklanylýar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar

BAE kanuny düzmekde emeli aň ulgamyny ulanýan ilkinji ýurt bolar

Türkiýäniň ilkinji ýerli emeli hemrasy ulanmaga berildi

Aşgabatda «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy synag edilýär

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 82 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirer

Gazagystan özüniň emeli aňyny döredýär