SIZDEN GELENLER

3-nji dekabr – Halkara maýyplar güni

Adam – jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatynda alyp barýan  syýasatynda maýyplaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek döwletiň ilkinji wezipeleriniň biri diýlip bellenendir. Döwletimizde maýyplygy bolan adamlaryň beýlekiler bilen deň hatarda okamagy, bilim almagy, göwün söýen hünärine eýe bolmagy, halal zähmet çekmegi, maşgala gurmagy, sagdyn we bagtly ýaşamagy üçin hemme şertler döredilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän özgertmeler adam üçin amala aşyrylýar, çünki adam Esasy kanunymyzyň 4-nji maddasyna laýyklykda  jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň özlerini kemala getirmekleri üçin ähli derwaýys şertler döredilýändir, maýyp çagalaryň bilim almaklary üçin mekdepler hereket edýär, mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin iş ýerleri döredilýär, maýyplygy bolan ulylaryň hem-de çagalaryň ähli hukuklarynyň hem-de esasy azatlyklarynyň mäkämligini üpjün edýän kanunçykaryjy hukuknamalaryň ençemesi hereket edýär.

Türkmenistan döwletimizde adam hukuklary bilen baglanyşykly ähli hukuknamalar halkara hukugyna laýyklykda taýýarlanyp kabul edilýär. Şol sanda maýyplaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. 2008-nji ýylda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak we durmuşa geçirmek maksady bilen, biziň döwletimiz 2006-njy ýylda kabul edilen Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa goşuldy.

Ýurdumyzda “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky”, “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlarynda mümkinçiligi çäkli çagalara  döwlet  tarapyndan beýleki çagalar bilen birmeňzeş, islendik kemsitmelerden netijeli hukuk goragyny kepillendirýär hem-de degişli bilim edaralarynda okamagyna doly hukuk berýär diýip bellenendir. Maýyp çagalaryň bilim almaklary baradaky hukuklar birnäçe halkara resminamalarynda ýagny, Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň 5-nji we 20-nji maddalaryna we Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň 2-nji, 28-nji, 29-njy maddalaryna laýyklykda, maýyp çagalar özleriniň maýyplyk alamatlary boýunça bilim almaga hukuklary berkidilendir. 1994-nji ýylda Ispaniýa döwletinde geçirilen bilim boýunça Bütindünýä konferensiýasy maýyp çagalaryň diňe aýratyn görnüşde bilim almaklary baradaky ýörelgäni öňe sürdi. Bu ýörelge 2000-nji ýylda Dakarda geçirlen Bütindünýä bilim forumy hem-de BMG-niň kabul eden Maýyplar üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek nusga düzgünleri tarapyndan goldanyldy.

Her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni geçirilýär. Bu halkara güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1992-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda kabul eden rezolýusiýasy esasynda baýramçylyk hökmünde bellenilip gelinýär. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen halkara Maýyplar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanda hem birnäçe degişli edaralarda çäreler geçirilýär. Türkmenistan adam hukuklaryny goramak babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak üçin has uly mümkinçilikleri açýar, bu gurama bilen hyzmatdaşlyk etmek bolsa, Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr we şeýle bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasynyň işläp taýýarlaýan maksatnamalaryna örän işeňňir gatnaşýan Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy şol bir wagtyň özünde Türkmenistan tarapyndan birnäçe başlangyçlaryň hödürlenmegi bilen däp bolup galan hyzmatdaşlygyň çäklerinde çykýar. Adam hukuklary häzirki zaman halkara hukugynyň pudagy hökmünde adam hukugynyň goragyna degişli ýörelgeleri we kadalary öz içine alýar. Adam hukuklarynyň hem azatlyklarynyň doly üpjün edilmegi jemgyýetiň ösüşiniň, onda agzybirligiň, rahat durmuşyň berkarar edilişiniň iň zerur şertleriniň biridir.

 

Merjen Gurbannazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň uly mugallymy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady