TEHNOLOGIÝA

“WhatsApp”-daky aýratynlyk “Zoom”-da bolar

Pandemiýa döwründe ulanyjylaryň sanyny 10 milliondan 300 milliona çenli köpelden “Zoom” platformasyn täze howpsuzlyk çäresini getirýär.

Mälim bolşy ýaly, epidemiýa bütin dünýädäki adamlaryň iş endiklerini düýpgöter üýtgetdi. Şol sebäpli, dünýäde millionlarça adam öýünde işlemegini dowam etdirýär.  Öýde ýagny, oturan ýerinden işe başlaýan adamlar bilen onlaýn duşuşyklary geçirip boljak programmalar gysga wagtyň içinde ep-esli meşhurlyk gazandy.

Şol programmalaryň iň täsir galdyryjylaryndan biri hem “Zoom” platformasydyr.  9 ýyl mundan ozal döredilen we  2019-njy ýylyň dekabrynda 10 million ulanyja hyzmat eden bu programma gysga wagtyň içinde 300 million ulanyja ýetdi.

Şeýle-de bolsa, “Zoom” birnäçe wagt bäri howpsuzlyk aladalary baradaky habarlar bilen gün tertibine geldi. Kompaniýa soňky hepdelerde platformada täze çäreleriň görüljekdigi baradaky maglumatlary paýlaşdy. Şeýlelikde “Zoom” ahyrsoňy “WhatsApp”-da öň görülen başdan-aýaga  parol goýmak aýratynlygyny göz öňünde tutuýar.

“Zoom”-yň bu täze aýratynlygy, iOS we Android  programmasy ýaly ähli platformalarda ulanylýar.

Başdan-aýaga parol goýmak näme?

Başdan-aýaga parol goýmak diňe iki adamyň arasyndaky söhbetdeşligi diňe bir-biriniň görmegine  mümkinçilik berýän ygtybarly aragatnaşyk görnüşine berlen at bolup durýar. Bu aýratynlygy ulanýan adamlaryň habarlaryny başgalar görüp bilmeýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar