TEHNOLOGIÝA

“Samsung” täze telefonyny hödürlär

Smartfon dünýäsiniň öňdebaryjylaryndan “Samsung” kompaniýasy täze telefony bolan “Galaxy S22 Ultra” smartfonyny ýakyn wagtda tanyşdyrmagy maksat edinýär. Täze telefonyň daşky dizaýny jemegyýetçilik torlarynda görkezildi.

Telefonda “S Pen” galamynyň bolmagy “Galaxy Note” markaly telefonlaryň öndürilmeginiň bes edilmegini getirip biljekdigi mälim edildi.

Bürünç reňkdäki “Galaxy S22 Ultra” telefony dizaýny bilen “Galaxy Note 20 Ultra” -a gaty meňzeýär, gapdalynda “S Pen” galamynyň bardygy bellärliklidir.

Täze telefonyň fewral aýynyň ortalarynda çykmagyna garaşylýar. “Android” ulgamynyň ýokary derejeli modeli boljak enjamyň 1 TB görnüşleriniň bahasynyň gymmat boljakdygy bellenilýär.

Telefonyň yz tarapynda 5 kamera bolar. “Galaxy S22 Ultra” telefony “Exynos 2200” we “Snapdragon 8 Gen 1” prosessoryna eýe bolar. Şeýle hem 12 GB/16 GB RAM we 256 GB/512GB/1 TB içerki ýady bilen müşderilerine hödürlenjek telefon 5000 mAh batareýa we 45W çalt zarýad bermek we simsiz zarýad bermek aýratynlyklaryna eýe bolar.

 

Iki ýyldyz üçin üç ýyldyz

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar