DÜNÝÄ

Gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligi

2020-nji ýylyň 25-31-nji oktýabry gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligii bellenilip geçilýär. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň sosial mediýa torunda hem bellenilip geçilýär.

Gurşun adam bedenine täsir edýän, esasanam, kiçi ýaşly çagalara zyýan getirýän maddadyr.

Gurşun boyagyny öndürmek we satmak ýurtlaryn 60% -inden gowragynda rugsat berilyär. Gurşunyň çagalara we senagat işgärlerine etjek zyýanly täsirini geljekde azalmak ugrunda tagalla edilýär.

Üstümizdäki ýylda geçirilýän gurşun zäherlenmesiniň önüni alyş halkara hepdeliginiň esasy maksady, kadalaşdyryjy we hukuk çäklendirmeleri arkaly gurşun boýagynyn öndürilmegini we ulanylmagyny azaltmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem beýleki metbugatlarda habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň ýolbaşçylygyndaky Global gurşun boýag bileleşiginiň başlangyjy bilen 8-nji gezek Gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligi geçirilýär.

Gurşun zäherli metaldyr. Gurşundan zäherlenmek adatça birnäçe aý ýa-da ýyllaryň dowamynda bedende ýygnalmagy bilen ýüze çykýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy