SIZDEN GELENLER

Umytly çagajygyň uly gürrüňi……

Türkmenistan rowaçlygyň watany ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adyl içeri, dabaralanýan ynsanperwer syýasaty netijesinde “Döwlet adam üçindir” atly ýörelge bilen ýurdumyzyň abraýy artyp, halkara derejesinde ösen döwletleriň hataryna goşulýar. Hossarsyzlaryň, ýetimleriň, maýyplaryň we eklenjini ýitiren köp çagaly maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň elmydama aladasyny edýän hormatly Prezidentimiz olary üns merkezinden düşürmän, elmydama döwlet kömek pullaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, okuw-iş meselerinede bahasyna ýetip bolmajak kömekekleri amala aşyrýar. Dogurdanam şeýle ajaýyp şertlerde ýaşaýan her bir ynsan bagtlydyr.

Güýz paslynyň başydy, ajaýyp günleriň birinde hemişekisi ýaly Enegül daýza öz agtyjaklaryny daşaryk aýlamak üçin alyp çykypdy.

-Maýýajan!!! ýuwaşyrak  ylga Nurmuhammetjany ýykaýma… diýip

agtyjaklaryny täze gurlup ulanylmaga berlen köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň öňünde çagalar üçin niýetlenilen meýdança alyp barýardy. Ol ýerde çagajyklaryň hezil edip oýnamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendi. Enegül daýza agtyjaklaryny meýdançada oýnadyp, biraz dem almak üçin şol ýerde ene-atalaryň oturmagy üçin niýetlenen ýörite oturgyçlarda oturyp, oýnaýan çagajyklary synlaýardy. Agtyjaklaryny we meýdançada oýnap ýören çagajyklary synlap oturan Enegül daýzanyň gapdalyna ylgap baran üç sany biri-birine meňzeş oglanjyklar enäniň ünsini özüne çekdi. Ol oglanjyklaryň ulujasy özlerine mähir bilen seredip oturan enäniň ýüzüne seredip,  salam berdi. Muňa guwanyp oturan ene:

-Salam oglum-diýip ýylgyrdy  we   oglanjykdan

-Siz doganmy –diýip sorady. Oglanjyk bolsa

-Howwa olar meniň jigilerim-diýip jogap berdi. Enegül daýza oglanjykdan:

-Oglum siz bu jaýlaryň haýsynda ýaşaýarsyňyz-diýip sorady. Oglanjyk bolsa, barmagy bilen meýdançanyň gapdalyndaky jaýlaryň birini görkezip,

-Şol jaýda-diýip jogap berdi. Oglanjyk saçyna ak giren, gözleri mähirden püre-pür enäniň ýanyna ýuwaşjadan ýöräp baryp, gapdalynda oturdy we  ene bilen söhbete başlady. Oglanjyk enäniň özüne mähirli garaýşyny duýup, maşgalasy barada gürrüň berdi. Ol özleriniň maşgalasynda 8 çagadyklaryny 3 gyz we 5 oglandyklaryny aýtdy we uly oglan doganlarynyň harby gulluga gidenligini, gyz doganlarynyň mekdepde okaýandyklaryny, özüniň bolsa, mekdepde üçinji synpda okaýandygyny gürrüň berdi. Enegül daýza   oglanjygyň göwnaçyklyk bilen gürrüň berip oturandygyna guwanyp, çagajygyň başyny sypalap, arkasyna emaý bilen kakdy. Oglanjyk bolsa, enäniň ünsli diňläp oturanyna begenip:

-Men jigilerimi gaty gowy görýän-diýdi, ene bolsa, oglanjygyň heniz mekdebe barmadyk jigilerini oýnadyp, olara jogapkärçilikli garap, olary gowy görýänligini aýdyp oturandygyna oňa:

-Tüweleme! Berekella oglum sen olaryň uly agasy, dogry edýän- diýip, mähir bilen ýylgyrdy. Enegül daýza oglanjykdan:

-Dädeň-ejeň nirde-diýip sorady. Oglanjyk bolsa,

-Ejem öýde nahar bişirýär. Dädem ýok-diýip jogap berdi. Enegül daýza,

-Dädeň nirde-diýip sorady. Oglanjyk bolsa,

-Men kiçi wagtym dädem ýaramady, ejem tiz kömek çagyrdy we dädemi alyp gitdiler. Soňra bolsa, dädem gelmedi-diýip jogap berdi. Muňa düşünen enäniň garaýşy oglanjykda saklandy we gözüne ýaş aýlandy. Ene töwereginde şowhun bilen oýnaýan çagajyklaryň dädesiz ösýändiklerine gaty nebsi agyryp, gynandy. Ene oglanjygy bagryna basyp, gujaklandygyny özem duýman galdy. Oglanjyk enäniň ýüzüne seredip, şeýle diýdi:

-Men ulalamsoň öýlenemde meniň dädem meniň oglum bolup dogular we ol ýenede meniň ýanyma dolanyp geler-diýdi. Enäniň aňynda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Oglanjygyň aýdan bu gepi enede uly täsir galdyrdy we juda haýran etdi. Ene oglanjygyň balkyldap duran umytly çaga gözlerine bakyp, onda durmuşa-ýaşaýşa bolan uly ynamy gördi.

Enegül daýza şol pursatda eklençsiz galan köp çagaly maşgalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan edilýän kömegiň çäksizdigine juda begendi. Elbet-de Hormatly Prezidentimiziň  belleýşi ýaly,  Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanydyr, diýip ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn aň-pikirli, berk bedenli bolup ýetişmekligi üçin we ýetim çagajyklaryň mätäçlik çekmezlikleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu wakada muňa aýdyň subutnamadyr. Sebäbi ýetim çagajyklaryň hossarsyzdygyny bildirmeýän hormatly Prezidentimiziň döwlet tarapyndan edýän  kömekleri ýagny, eklençsiz galan köp çagaly maşgalalary ähli amatlyklary bolan häzirki zaman täze jaýlary we her çaga niýetlenen kömek pullary bilen üpjün etmegi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir”  şygaryň dabaralanýandyny görkezýär.

Ýurdumyzda adam aladalarynyň çäksizdigini görkezýän we halky üçin amala aşyrýan haýyrly işleri bilen bütin dünýä halklaryna görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl içeri, ynsanperwer daşary syýasatlary elmydama rowaç alsyn!

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri oňuna bolsun!

Dünýägözel Aşarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti